Hünär-tehniki okuw mekdepleriniň Direktorlarynyň geňeşiniň mejlisi: Hünär-tehniki bilim ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň Bilim ministrliginde hünär-tehniki okuw mekdepleriniň Direktorlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde hünär-tehniki okuw mekdepleriniň Direktorlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşygyň temasy ýurdumyzda hünär-tehniki bilim ulgamyny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklarynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň esasynda geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylymyň we tehnikanyň çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň ýüze çykmagy bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi talap edýändigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda täze döwür geçirilýän özgertmeleriň gerimini giňeltmegi we jemgyýetiň bilim kuwwatyny ýokarlandyrmagy talap edýändigini belledi. Şu nukdaýnazardan şu ýylyň ahyryna çenli ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar barada döwlet syýasatyny ösdürmäge gönükdirilen maslahatlaryň geçirilmegi teklip edildi.
Hünär-tehniki okuw mekdepleriniň Direktorlarynyň geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar DARYA (Merkezi Aziýada işjeň ýaşlar üçin dialog we hereketler) taslamasynyň çäklerinde işlenip düzülen häzirkizaman okuw usulyýetleri bilen tanyşdyryldy. Ýewropanyň Bilim gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän bu sebit taslamasy, zähmet bazaryna degişli, şol sanda sanly we telekeçilik ukyplaryny ösdürmäge, şeýle hem sebit kwalifikasiýa çarçuwalarynyň döredilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň DARYA taslamasyna gatnaşmagy bilim bermegiň çeýe nusgalarynyň ornaşdyrylmagyna we ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik mümkinçilikleriniň giňeldilmegine goşant goşýar, bu bolsa hünär bilimi ulgamynyň innowasion ösüşe ymtylýandygyny görkezýär.
Şeýle hem öňdebaryjy halkara tejribesiniň çäklerinde hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak we olaryň zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek üçin hünär standartlaryny we milli kwalifikasiýa çarçuwalaryny (MKÇ) ornaşdyrmagyň zerurlygy bellenildi. Bu gurallar hünärleri sazlaşdyrmaga, bilim basgançaklarynyň arasyndaky geçişleri ýeňilleşdirmäge we halkara derejesinde ukyplaryň ykrar edilmegine ýardam edýär.
Geňeşiň mejlisinde gatnaşyjylar Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bu meselelerde hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar. Bu ministrlik hünär standartlaryny we kwalifikasiýa çarçuwalaryny taýýarlamak, ornaşdyrmak we utgaşdyrmak meselelerinde ygtyýarly edara bolup, standartlary ykdysadyýetiň üýtgäp durýan zerurlyklaryna laýyklykda täzeläp durmagy üpjün edýär.
Maslahatyň dowamynda halkara tejribe seljerildi, aýratyn hem hünär bilim ulgamy bilen önümçilik kärhanalarynyň arasynda birleşdiriji halkany emele getirýän pudaklaýyn geňeşleriň netijeliligi gözden geçirildi. Bu geňeşler bilim maksatnamalarynyň zähmet bazarynyň talaplary bilen utgaşdyrylmagyna, hünärmenleri ýokary hilli taýýarlamaga we olaryň iş bilen üpjünçiligini üpjün etmäge ýardam edýär.
Talyplara okuw mekdeplerinde nazary bilim almagyna we kärhanalarda amaly sapaklary utgaşdyrmagyna mümkinçilik berýän, şeýle hem nazaryýetiň we amalyýetiň arasyndaky tapawudy azaldyp, hünärmenleri has ýokary derejede taýýarlamaga we zähmet bilen üpjün etmäge ýardam edýän kombinirelenen çemeleşmäni göz öňünde tutýan ikitaraplaýyn bilimiň oňyn netijeleri seljerildi.
Maslahatda hünär-tehniki okuw mekdepleri bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ara alnyp maslahatlaşylan möhüm ugurlaryň biri boldy. Hünär biliminiň basgançaklarynyň yzygiderliligini üpjün edýän bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri we usullary gözden geçirildi. Mundan başga-da, ýakyn ugurly dersleri çuňňur öwrenmek üçin akademiki köprüleriň döredilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ulgamy kämilleşdirmegiň möhüm ugry talyplaryň ukyplaryny halkara standartlaryna laýyk gelýän sertifikasiýa ulgamynyň işlenip düzülmegi boldy. Gatnaşyjylar dürli bilim basgançaklarynyň arasynda çeýeligi üpjün etjek kwalifikasiýalaryň toplamak ulgamyny döretmek teklibini goldadylar.
Maslahatyň ahyrynda teklip edilen başlangyçlary jikme-jik işläp düzmek üçin iş toparlaryny döretmek teklip edildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň innowasion ösüşi üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ugra özüniň ygrarlydygyny tassyklady. Bilim edaralary bilen işewürligiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk ýaşlaryň hünär taýdan ösmegine ýardam berer we Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi