Türkmenistanyň Prezidenti aspirantura, doktorantura, kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sanyny tassyklady
2026-01-17
| 1270
Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine we ähli ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
Degişli teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa hödürledi.