Aşgabadyň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Açyk gapylar güni» geçirildi

2025-12-11 | 1352
Aşgabadyň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Açyk gapylar güni» geçirildi

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek boýunça 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Açyk gapylar güni» geçirildi. Çäräniň maksatnamasynda okuwçylaryň işleriniň sergisi hem-de matematika, daşary ýurt dilleri (nemes we iňlis), biologiýa, himiýa, jemgyýetçilik ylymlary we beýleki derslerden açyk sapaklar guraldy.

Aşgabadyň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Açyk gapylar güni» geçirildi

Myhmanlar dürli synplarda sapaklara gatnaşyp, okuw usullary bilen tanşyp bildiler. Mekdepde aýratyn üns daşary ýurt dilleriniň, hususan-da, nemes diliniň çuňňur öwredilmegine berilýär. Bu dil okuw maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Aşgabadyň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Açyk gapylar güni» geçirildi

29-njy mekdep inklýuziw mekdep bolup, maýyplygy bolan çagalar üçin elýeterli hem-de döwrebap bilim gurşawyny döretmäge gönükdirilen synag taslamanyň çäklerinde iş alyp barýar. Mekdepde ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalary we uýgunlaşdyrylan usullar ornaşdyrylyp, aýratyn zerurlyklary bolan okuwçylara goldaw berilýär. Olar üçin elýeterli infrastruktura, aýratyn okuw meýilnamalary, hünärmenleriň goldawy we okuw prosesine kömekçi işgärleriň gatnaşmagy ýaly dürli şertler döredilýär.

Aşgabadyň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Açyk gapylar güni» geçirildi

Mundan başga-da, mekdep «ýaşyl mekdepler» toparyna degişli bolup, ekologiki terbiýäni, energiýa tygşytlaýjy taslamalary işjeň öňe sürýär we okuwçylarda ekologiki medeniýeti hem-de daşky gurşawa jogapkärli garaýşy kemala getirýär.

Döwlet ýaş türkmenistanlylaryň ajaýyp bilim we terbiýe almaklary, watanyna we halkyna mynasyp hyzmat edip bilmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň esasy wezipämiz – ýokary bilimli, hakyky watançy bolup ýetişen nesli terbiýelemekdir. Olar halkymyzyň taryhyny bilmeli, ýurdumyzyň häzirki belent üstünliklerine buýsanmaly, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny has-da artdyrmaga çalyşmalydyrlar.

Mekdebiň ýolbaşçylary şeýle çäreleriň mekdep, ene-atalar bilen jemgyýetçiligiň arasynda açyklyga hem-de hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini, şeýle-de bilim başlangyçlarynyň ösüşini we netijelerini görkezýändigini bellediler.

Çeşmesi:Türkmenportal