Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

2025-12-10 | 893
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň kepilidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde professor N.Suwhanow çykyş edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletiň kuwwatly ösüşiniň täze eýýamynda ýurdumyzda ylmy-okuw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Nebit-gaz pudagy üçin ýokary hünärli inženerleri taýýarlamak babatda ähli şertleriň döredilendigi nygtaldy.

Uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa geljekki hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Uly mugallymlar D.Sapargulyýewa we M.Kullaýewa öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ylym ulgamynda gazanýan üstünliklerini, ýaş alymlaryň ýüze çykýan arasynda Watanymyzyň kuwwatynyň berkeýändigini buýsanç bilen bellediler.

Umumy mejlisden soň maslahat sekiz ugur boýunça işini dowam etdirdi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýurdumyzdaky ylmy-okuw edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň ýyl-ýyldan berkeýändigini, talyplaryň täze kompýuterler we multimedia serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan otaglarda okuwlaryny geçirýändigini, sanly bilimi ornaşdyrmak boýunça işleriň dowamly alnyp barylýandygyny nygtadylar.

Maslahat gyzgalaňly ýagdaýda, çykyşlar, sorag-jogaplar hem-de diňleýjiler bilen çykyş edýänleriň arasyndaky gyzykly ylmy çekeleşikler bilen geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ugrundaky beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edip, olara saglyk we uzak ömür dileg etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti