Täze ýokary okuw mekdebi dünýä uniwersitetleriniň halkara sanawynda

2025-12-10 | 996
Täze ýokary okuw mekdebi dünýä uniwersitetleriniň halkara sanawynda

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 197-nji bendinde beýan edilen “Ýokary hünär bilim edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak” tabşyrygyna laýyklykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti alnyp barýan toplumlaýyn işleriniň netijesinde Indoneziýanyň “ Universitas Indonesia (UI)” uniwersiteti tarapyndan her ýylda düzülýän “UI Green Metriс” atly dünýä uniwersitetleriniň halkara sanawyna goşuldy.             

2025-nji ýylyň netijeleri esasynda infrastruktura we binalar, energiýa we howanyň üýtmegine garşy göreşmek, galyndylary dolandyrmak, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa taýdan arassa ulag, bilim we ylmy gözlegler ýaly ugurlar boýunça dünýäniň 105 sany ýurdundan jemi 1745 sany uniwersitet gatnaşyp, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti iň durnukly ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda 1103-nji orny eýeledi.