Türkmen talyplary BMGÖM-niň bäsleşiginde emeli aň esasynda “çat-bot”-y işläp düzdüler

2025-12-10 | 849
Türkmen talyplary BMGÖM-niň bäsleşiginde emeli aň esasynda “çat-bot”-y işläp düzdüler

2-3-nji dekabrda Türkmenistanyň talyplary, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri Astanada BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan guralan "Merkezi Aziýanyň ýaşlary sanly zorluga garşy" atly sebitleýin keýs-çempionatyna üstünlikli gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary girdi. Dalaşgärler okuwdaky ýokary üstünlikleri we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy esasynda saýlanyp alyndy.

Çempionatyň esasy garyşyk toparlaryň gender zorlugy bilen baglanyşykly hakyky keýsiň (mesele) üstünde işlemegi boldy. Türkmen topary emeli aň esasynda “çat-bot”-y işläp düzmek bilen, innowasionlygyň ýokary derejesini görkezdi. Bu “bot” sanly kemsitmeleriň pidalaryna taýyn gollanmalary bermek we ulanyjylary psihologlar, hukukçylar hem-de hukuk goraýjy edaralar bilen birikdirmek arkaly dessine onlaýn-goldaw bermek üçin niýetlenendir. Mundan başga-da, milli topar bilim edaralary üçin elýeterliligi we sanly howpsuzlygy güýçlendirmäge gönükdirilen özüňi alyp barmagyň toplumynyň taslamasyny taýýarlady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi