Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň baştutanyna gutlag hatyny iberdi

2025-12-01 | 713
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň baştutanyna gutlag hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Nikuşor Dana we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nikuşor Dana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti