Çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň Türkmenistanda klimatyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçiliklere taýýarlyklaryny artdyrmak boýunça okuw geçirildi

2025-11-28 | 1102
Çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň Türkmenistanda klimatyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçiliklere taýýarlyklaryny artdyrmak boýunça okuw geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Birleşen milletler guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda Mary şäherinde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Mary welaýat baş bilim müdirliginiň, welaýatyň çagalar baglarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda mekdebe çenli çagalar edaralary üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw maksatnamasy we usuly gollanmasy bilen tanyşdyryş okuw maslahaty geçirildi.  

Okuw maslahatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Birleşen milletler guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde çapa taýýarlanan we neşir edilen ”Mekdebe çenli çagalar edaralary üçin klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça okuw maksatnamasy we usuly gollanma” atly okuw-usuly gollanmanyň mazmuny barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň

başlygynyň orunbasaryOgulgerek Annageldiýewa