Bilelikdäki konsert geçirildi

2025-11-28 | 549
Bilelikdäki konsert geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň  mejlisler zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp "Bitarap Türkmenistan - parahatdyr bu mekan" atly aýdym-sazly konsert geçirildi. Konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ajaýyp sazlar, şeýle hem janly sesde ortkestr bilen bilelikde iki ýokary okuw mekdebiniň aýdymçy talyplarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Ýerine ýetirilen aýdymlar hem-de ajaýyp sazlar çärä gatnaşan professor-mugallymlarda hem-de talyp ýaşlarda ruhubelentlik, buýsanç duýgularyny döretdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar aýdymçy hem-de sazanda talyplara minnetdarlyk bildirip, döredijilik işlerinde uly üstünlileri arzuw etdiler.