Köpdillilik- halkara hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde
2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki taryhy çykyşynda beýan eden Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen uniwersitetiň mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatyň başynda uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara giňişligindäki möhüm ornuny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan ýokarlandyrmakda alyp barýan, bitarap Türkmenistanyň saýlap alan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän işleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assembleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisindäki Çykyşynda Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip edendigi hem-de bu bolsa medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmekde köpdilli diplomatiýanyň ornuna berlen belent bahany alamatlandyrýandygy barada aýtdylar. Häzirki döwürde röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň halkara dilleri öwrenmekleri we özleşdirmekleri bilim syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Köpdillilik halkara hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde kalplaryň sözleşigidir. Köpdillilik - şol sözleşigiň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstünlige beslenmeginiň kepilidir.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda amala aşyrýan işleriniň mundan beýläk hem üstünliklere ýar bolmagyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.