"Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" atly breýn-ring bäsleşiginiň ýeňijileri
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde noýabr aýynyň 1-14-i aralygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly yglan edilen breýn-ring bäsleşiginde ýeňiji bolan talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzünde ählumumy abadançylygy gazanmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerini, öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara giňişligindäki möhüm orny, kämil hünärmenleri kemala getirmek babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri barada uly buýsanç bilen çykyş etdiler.
Bäsleşige ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň 17-si gatnaşdy. Bäsleşik I we II tapgyrlardan, ýarym final we final tapgyrlaryndan ybarat bolup, bäsleşige gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary özleriniň ylym-bilime bolan yhlaslylygyny, erjelligini hem-de zehini görkezip, bäsleşigiň saýlama tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Final tapgyry boýunça I orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, II orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, III orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutunyň talyp ýaşlary mynasyp bolup, olara hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň dünýa derejesinde zehin başarnyklaryny açyp görkezmekleri babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.