Hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk

2025-11-26 | 702
Hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk

2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Ýewropa Bilim Gaznasynyň (ETF) DARYA taslamasynyň Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça möhüm halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara bilermenler tarapyndan okuw maslahaty geçirildi.

Okuw usulyýeti baradaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýewropa bilim gaznasynyň (EFO) Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy K.I.Hemşemaýer hem-de DARÝA taslamasynyň SСAFFOLD usulyýeti boýunça toparyň agzalary, halkara hünärmenler Natia Gorgadzen, Altin Smailkanowa we Ýelena Ýekimowa “Iş ýerinde öwrenmek - hünär kämilligiň esasy elementi “ atly tema boýunça çykyş etdiler.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Ýewropa Bilim Gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” DARYA atly sebitleýin taslamanyň çäginde işlenip düzülen okatmagyň täze usulyýeti bolan “SСAFFOLD” boýunça okuw maslahatyny geçirmek Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, täze we öňdebaryjy okatmagyň tehnologiýalaryny ulanyp, ýaşlarda ukyp-başarnyklary has-da ösdürmek üçin Ýewropa standartlaryna laýyklykda, täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam berer.