Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda okuw-usuly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem giň möçberli tutumly işler amala aşyrylýar. Bilim işgärleriniň alan bilimlerini kämilleşdirmek üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 7-nji iýuly 4-nji awgusty aralygynda Gazagystan döwletiniň Almaty şäherinde geçirilen ABŞ-nyň C5+ONE sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän okuw maslahatyna Türkmenistanyň birnäçe ýokary we umumybilim berýän orta mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň 25-siniň gatnaşandygy munuň aýdyň mysalydyr.
C5+ONE (iňlis dili arkaly hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak) maksatnamasynyň çäresi Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan- Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan gelen iňlis dili mugallymlaryny bir ýere jemledi. Okuw maslahatyna gatnaşan mugallymlar şahsy tejribelerini alyşdylar hem-de okuwçylary we talyplary okatmak işinde iňlis dilini öwretmegiň öňdebaryjy tejribelerini hem-de sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň üstünlikli nusgalaryny paýlaşdylar. Bu maksatnama özara baglanşykly üç tapgyry özünde jemleýär.
C5+ONE sebitleýin maksatnamasy iňlis dili boýunça ýygjam okuwlary, milli we sebitleýin okuw maslahatlary, webinarlary we onlaýn-aragatnaşyklary, desgalara barlyp görülmegini hem-de hünär taýdan ösmäge degişli çäreleri, halypaçylygy we uçurymlar bilen gatnaşyklary özünde jemleýär.
Ylym-bilim işgärlerine şeýle sebit derejesindäki sebitleýin okuw maksatnamasyna gatnaşmaga, alan ylym-bilimlerini kämilleşdirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.