Uniwersitetiň talyby “Future Skills Sprint” atly halkara okuw-meýdançasynda geçirilen çärä gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-22 noýabry aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän “Future Skills Sprint” atly halkara okuw-meýdançasynda ýurdumyzy we ýaşlar bilimini üstünlikli derejede tanyşdyrýan türkmenistanly ýaşlaryň biri — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Aýsoltan Annamämmedowa bolup durýar.
Bu giň gerimli çäräni MEXT Sanly Tehnologiýa Merkezi, UNDP IRH, UNDP Turkey we Hepsiburada hyzmatdaşlykda gurady. Çäräniň maksady ýaşlaryň geljekki hünär ukyplaryny ösdürmek, sanly tehnologiýalara bolan düşünjelerini giňeltmek we innowasion pikirlenmesini goldamak.
Uniwersitetiň talyby Aýsoltan Annamämmedowa bu çärä gatnaşmak hukukyny UNDP IRH-niň ýolbaşçylygyndaky onlaýn okuwlaryň netijesinde gazandy. Şeýle okuwlar gatnaşyjylara täze taýýarlyk tejribesini, sanly tehnologiýalar boýunça giňişleýin başarnyklary we halkara derejeli tejribeleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Stambulda geçirilen üç günlük maksatnama döwrebap tehnologiýalar, emeli aň ukyplary, sanly ykdysadyýet we geljekki iş bazary bilen baglanyşykly çuňňur hyzmatdaşlyk sapaklaryny öz içine alýar. Şeýle mümkinçilikler ýaşlaryň halkara tejribesiniň artmagyna, täze taslamalara ruhlanlandyrylmagyna hem-de bilim ulgamynda has güýçli maksatnamalaryň ýola goýulmagyna hyzmat edýär.
Uniwersitetiň talyby Aýsoltan Annamämmedowa ýurdumyzy daşary ýurtlarda ýaşlar derejesinde mynasyp we döredijilikli şekilde wekilçilik edýär. Şeýle halkara meýdançalar arkaly türkmen talyplarynyň mümkinçilikleriniň giňden tanyşdyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň ösüşe bolan ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.