Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan edildi

2025-11-18 | 399
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan edildi

2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi” diýen hormatly ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we dünýäniň ösen tejribelerine, döwrebap ylma çuňňur aralaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýokary derejede geçirilen bu dabarada ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi” diýen ada mynasyp boldular. Olara degişli şahadatnamalar hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu abraýly baýraga eýe bolanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň mugallym – öwrenijisi Ogulnur Rozyýewa, Kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Alladurdy Atdaýew we Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gadyr Orazberdiýew dagylar bar. Ýokary okuw mekdebimiziň bu zehinli mugallymlary we talyplary özüniň döredijilik işleri bilen halkara we döwlet derejesindäki dürli bäsleşiklere, medeni köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýarlar. Biz hem öz gezegimizde talyp deň-duşlarymyzy “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri” atly abraýly baýragy bilen gutlap, okuwda hem-de döredijilikde täze üstünlikleri arzuw edýäris.