Türkmenistanyň talyplary Katowicede halkara arenada beýik üstünlik gazandy.

2025-11-11 | 188
Türkmenistanyň talyplary Katowicede halkara arenada beýik üstünlik gazandy.

Polşa Respublikasynyň bilim merkezleriniň biri bolan Katowice şäherinde 6-10-njy noýabr aralygynda «International Student Team Competition in Mathematics – ISTCIM 2025» atly dünýä derejesindäki matematika bäsleşigi geçirildi. Bu uly sahnaly halkara olimpiýadany Katowice şäherinde Silezsk Uniwersiteti gurady. Bäsleşik ýokary okuw mekdepleriniň matematika ugrundan zehinli talyp ýaşlaryny bir ýere jemläp, olara öz başarnyklaryny halkara derejesinde görkezmek üçin giň mümkinçilik berdi. Oňa Türkmenistan bilen birlikde Polşa, Beýik Britaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Awstriýa, Germaniýa hem-de Fransiýa ýaly ýurtlardan 150-den gowrak talyp gatnaşdy. Ýaryş iki derejede — şahsy we toparlaýyn ugur boýunça geçirildi. Bäsleşijilere matematiki seljerme, algebra, kombinatorika, geometriýa, ähtimallyklar nazaryýeti we differensial deňlemeler ýaly çylşyrymly ylmy meseleler hödürlendi. Türkmen talyplary bu gezek hem halkara arenada-da özleriniň ýokary taýýarlyga eýedigini görkezmegi başardylar. Şahsy netijeler boýunça türkmen talyplary 9 altyn 8 kümüş 2 bürünç medallara we 1 höweslendiriji baýraga, toparlaýyn tapgyrda bolsa 2 kümüş 1 bürünç medallara we 1 höweslendiriji baýraga mynasyp bolmagy başardylar.

Bu halkara olimpiýadada ýurdumyzyň iň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň üstünlikleri hem öň hatarda boldy. Bäsleşikde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Döwran Myradow altyn medala, Döwletgeldi Şakirjanow kümüş medala, Gülöwser Gylyçmämmedowa bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary bilen Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň talyplaryndan düzülen “Aşgabat” topary toparlaýyn tapgyrda kümüş medala mynasyp boldy. Bu üstünlikler talyplaryň ylma jogapkärli çemeleşýändiginiň subutnamasydyr.

Bäsleşigiň esasynda gatnaşyjylar täze dostluklar edinip, tejribe alyşdylar hem-de halkara ylmy giňişlige ýene bir ädim ätdiler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň beýleki ýokary okuw mekdepleri hem baýraklaryň ençemesini ýagny, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary 5 altyn medallara, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 3 altyn, 2 kümüş medallara, Türkmenistanyň Energetika institutynyň talyplary 3 kümüş medallara, Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary 1 kümüş medala, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 1 kümüş medala we 1 höweslendiriji baýraga, S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary 1 bürünç medala eýe bolmagy başardylar.

Bu üstünlikleriň hemmesi ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miwesidir. Katowicedäki ýeňişler ýaş neslimiziň ukyp-başarnygynyň beýanydyr. Şeýle üstünlikler olaryň diňe bir bilim derejesini däl, eýsem, Watanymyzyň halkara abraýyny hem belende göterýär.