Türkmenistanyň prezidenti Alžiryň baştutanyny milli baýramçylyk bilen gutlady
2025-11-03
| 595
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, alžirly kärdeşine ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurdyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.