Tatarystanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar.
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde türkmen mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça on günlük okuwlar geçirildi. Okuwlary RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Neberežnyý Çelny şäherindäki Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (NGPU, RF) hünärmenleri alyp bardylar. Çärä Milli bilim instituty, mugallymçylyk okuw mekdepleri, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň bilim edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden mugallymlar Daýanç Nazarow, Perhat Çaryýew, Gulnaza Matkarimowa, Mahym Ýazdurdyýewa we Çaryýar Gurbanmämmedow dagylar gatnaşdy. Okuw – usuly sapaklary ösüşi çäkli çagalaryň inklýuziw okadylyşy, häzirki zaman mekdeplerinde bilimiň hilini bahalandyrmak, ýokary okuw mekdebinde psihologiýa we pedagogika, okuwçylaryň ylmy-barlag hem-de taslama işleri, başlangyç synp okuwçylarynyň tebigy ylymlar boýunça düşünjesini ösdürmek we bahalandyrmak ugurlary boýunça alnyp baryldy. Her ugur boýunça sanly okuw modullary döredilip, bu mugallymlara häzirki zaman okuw gurallaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Russiýaly kärdeşler bilen tejribe alyşmak işi Türkmenistanda üçünji ýyl dowam edýär. Okuw maksatnamalary her ýyl täzelenýär we häzirki zaman pedagogik talaplara laýyk getirilýär.