UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ V SYNPY ÜÇIN «ÝAPON DILI (II DAŞARY ÝURT DILI)» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli» Konsepsiýalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we netijelerini bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryny peýdalanmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň V synpy üçin «Ýapon dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitaby (awtorlary: N.Amangeldiýewa, Z.Hojagurbanowa, T.Uehara – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Bu okuw kitaby okuw dersiniň tassyklanylan okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär.
Okuw kitabynyň mazmuny ýapon diliniň ýazuwyna giriş, salamlaşmagyň esasy görnüşleri, şeýle hem «Tanyşlyk», «Meniň maşgalam», «Meniň mekdebim», «Okuw esbaplary» we «Meniň synp otagym» ýaly temalary öz içine alýar. Mundan başga-da, okuw kitaby öwrenilen materialy gaýtalamak üçin bölümler, diňleme endiklerini ösdürmek üçin audiogoşmaçalar we söz baýlygyny özleşdirmegi baýlaşdyrmak üçin niýetlenen iki dilli sözlük bilen tamamlanýar.
Okuw kitabynyň ýene bir aýratynlygy, goşulan sözlügiň we tekstleriň audioýazgylar bilen üpjün edilenligidir. Munuň özi, Hormatly Prezidentimiziň sanly tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmak arkaly milli bilim ugrundaky täze sepgitlere ýetmek üçin bellän wezipeleriniň doly ýerine ýetirilýändigini subut edýär. Bu bolsa, okuwçylaryň gepleşik we ýazuw endiklerini ösdürýär. Okuw kitabynda okuwçylaryň söz baýlygyny berkitmek üçin dürli gönükmeler ulanylypdyr. Şeýle hem, tekstler bilen baglanyşykly maglumatlara ýapon dilinde düşündirişler berlipdir.
Okuw kitabyndaky tekstler, dialoglar we gönükmeler okuwçylaryň okamak endiklerini ösdürmäge güýçli täsir eder. Okuw kitabynyň ahyrynda ýerleşdirilen iki dilli sözlügiň ýapon dilini öwrenmekde örän uly ähmiýetlidir. Okuw kitabyny taýýarlamakda daşary ýurt dillerini okatmagyň häzirki zaman usullarynyň talaplarynyň ýörelge edinilmegi bolsa kitabyň ýapon dilini öwretmekdäki ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi