UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLER ÜÇIN «ОСНОВЫ ИНФОРМАТИКИ. 2» OKUW KITABYNYŇ TÄZE NEŞIRI ÇAP EDILDI
Hormatly Prezidendimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli umumybilim berýän mekdepleriň maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär. Munuň özi, hususan-da, kompýuterler Internetiň giň älemine — sanly suratlary döretmegiň, tekstleri ýazmagyň we dürli matematiki hasaplamalary ýerine ýetirmegiň älemine giň ýol açýar.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan II synpy üçin «Основы информатики» okuw kitabynyň täze neşiri çap edildi (awtorlar: L.Ruliýewa, W.Çernikowa, J.Annamyradowa, O.Mämmetgulyýewa, H.Baýramowa – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025 ý.)
Bu okuw kitaby 2-nji synp okuwçylarynda sanly sowatlylygyň esaslaryny öwredýän ýöriteleşdirilen we ulgamlaýyn okuwdan ybaratdyr. Kitabyň gurluşy ýedi tematik bölümi öz içine alýar we olarda dersiň esasy ugurlary tapgyrlaýyn beýan edilýär.
Kitabyň başynda okuwçylara kompýuter bilen işleşmegiň howpsuzlyk kadalary we maglumat girizmek-çykarmak enjamlary barada düşünje berilýär. Soňra olar grafiki, tekst görnüşli, ses we nyşan görnüşli maglumatlar bilen tanyşýarlar. Aýratyn üns algoritmik pikirlenmäni ösdürmäge gönükdirilýär — okuwçylar algoritmleri ýazmagyň usullaryny we olaryň berjaý edijilerini öwrenýärler.
Amaly ugurly bölüm okuwçylary Windows gurşawynda işlemek, klawiatura bilen iş salyşmak, şeýle hem kompýuter grafikasynyň esaslaryny öwrenmek bilen tanyşdyrýar. Bu bölüme suratlary redaktirlemek we şekil bölekleri bilen amallary ýerine ýetirmek ýaly meseleler hem girýär. Okuw kitabyndaky maglumatlar Internetde işlemek baradaky başlangyç düşünjeler bilen tamamlanýar.
Her bölümde amaly tabşyryklar we gaýtalamak üçin soraglar berilýär, bu bolsa okuwçylaryň alan bilimlerini berkitmäge kömek edýär.
Bu okuw kitaby ikinji synp okuwçylarynyň ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýär we olaryň geljekde informatikany çuňňur öwrenmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi