UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ RUS DILINDE OKADYLÝAN V SYNPY ÜÇIN «МАТЕМАТИКА. ЧАСТЬ 1» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-10-30 | 697
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ RUS DILINDE OKADYLÝAN V SYNPY ÜÇIN «МАТЕМАТИКА. ЧАСТЬ 1» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça il-ýurt bähbitli uly işler amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda okuw maksatnamalary kämilleşdirilýär, okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlanylýar hem-de neşir edilýär.

Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan V synpy üçin «Математика. Часть 1» okuw kitabynyň (awtorlary: Ž.Starostina, S.Wolkowa, H.Geldiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) gaýtadan işlenen we üsti ýetirilen ikinji neşiri çap edildi. Bu okuw kitaby okuwçylarda matematika ylmynyň esasy bölümleri boýunça pugta başlangyç bilimleri döretmäge, logiki we giňişlik pikirlenmesini ösdürmäge, şeýle hem alnan bilimleri amaly ýagdaýlarda ulanmak ukybyny berkitmäge gönükdirilendir.

Okuw kitaby iki sany esasy bölümden ybarat: “Tebigy sanlar we olarda amala aşyrylýan işler” hem-de “Geometrik şekiller we ölçegler.” Birinji bölümde tebigy san we nol düşünjeleri, sanlary ýazmagyň we deňeşdirmegiň düzgünleri, sanlary goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek amallary, olaryň häsiýetleri we arabaglanyşyklary beýan edilýär. Deňlemeleri, harp görnüşli beýannamalary we köpeltmegiň paýlaýjy häsiýetini öwrenmäge aýratyn üns berilýär.

Ikinji bölüm okuwçylary geometrik düşünjeleriň esaslary bilen tanyşdyrýar: kesgitleme, burç, üçburçlyk, kwadrat, gönüburçluk we kub. Şeýle hem uzynlygy, meýdany, göwrümi we agramy ölçemek usullary, linýarka we transportir arkaly geometrik şekilleri gurmak boýunça başarnyklar ösdürilýär.

Okuw kitabynda test ýumuşlary we öz-özüňi barlamak üçin maşklar ýerleşdirilen. Ol okuwçylarda bilim almak höwesini we özbaşdak öwrenmek duýgusyny ösdürýär. Kitabyň gurluşy we usulyýet taýdan guraly häzirki zaman bilimiň talaplaryna hem-de okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk bolup, matematika dersiniň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ygtybarly binýady döredýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi