Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Baştutanyny Respublikanyň güni bilen gutlady

2025-10-29 | 567
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Baştutanyny Respublikanyň güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini hem-de döwletlerimiziň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek biziň üçin ýakymlydyr. Biz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti