“Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly elektron žurnalyň ilkinji sany okyjylaryna gowuşar

2024-09-08 | 258
“Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly elektron žurnalyň ilkinji sany okyjylaryna gowuşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady syýasatynyň netijesinde milli ylym-bilim ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, ýaş nesliň döwrebap bilim we hünär almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. 

Bu döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, şeýle hem ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy barlaglary halkara giňişliginde giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, ak pata berdi.

“Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly elektron žurnalyň sahypalarynda ykdysadyýetiň, ykdysady ösüşiň nazaryýetine, innowasion ykdysadyýete, durnukly ösüşi üpjün etmegiň ylmy esaslaryna, maliýe-bank ulgamynyň meselelerine bagyşlanan makalalar ýerleşdirilip, alymlaryň, hünärmenleriň, işewürleriň, talyplaryň tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

“Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň döredilmegi institutyň halkara derejesinde ylym-bilim merkezi hökmünde giňden tanalmagyna, dünýäniň ylym ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, professor-mugallymlaryň ylmy-barlag işleriniň netijelerini beýan etmäge we olaryň neşir işjeňligini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döreder. 

Elektron žurnal türkmen, iňlis we rus dillerinde üç aýda bir gezek neşir edilip, institutyň saýtynda ýerleşdiriler. Onuň redaksion geňeşiniň agzalary ýurdumyzyň we daşary ýurtlarynyň görnükli ykdysatçy-alymlaryndan ybaratdyr. Häzirki wagtda bu elektron žurnalyň ilkinji sany taýýarlanylýar we ýakyn wagtda öz okyjylaryna gowuşar. Bu ylmy-amaly žurnalyň döredilmegi institutymyzyň professor-mugallymlaryna we talyp ýaşlaryna okamaga, döretmäge täze mümkinçilikleri döredip, olary has hem galkyndyrdy. 

Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, merdana halkymyzy baky bagtyýarlykda ýaşatmak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini has-da ilerletmek, ylmy, bilimi halkara derejesine çykarmak babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Şeýle hem bu barada okaň: Orient

Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň professor-

mugallymlary we talyp ýaşlary.