“Filologiýanyň meseleleri” atly elektron žurnalynyň ilkinji sany okyjylaryna gowuşar
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” we “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen “Internet ulgamynda elektron ylmy hem-de ylmy-usuly žurnallary döretmek we yzygiderli kämilleşdirmek” baradaky çäreleri durmuşa geçirmek babatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, şeýle hem ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy barlaglary halkara giňişliginde giňden wagyz etmek maksady bilen, elektron žurnalyny döretmek hem-de ony elektron görnüşinde internet ulgamy arkaly ýaýratmak jemgyýetiň we döwrüň talabyna öwrüldi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşleriň belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özgertmeleri, halkymyzyň gadymdan gelýän baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen ylmynda gazanylanlary wagyz etmek, dünýä ýaýmak hem-de Alym Arkadagymyzyň: “Biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýen sözlerinden ruhlanyp, ýaşlary ylma ugrukdyrmak, talyplaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, ýaş alymlaryň döredijilikli gözleglerine hemaýat etmek, olary ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim we ylym ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen “Filologiýanyň meseleleri” atly elektron ylmy žurnal döredildi.
Üç aýda bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän elektron žurnalyň redaksion düzümine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň hem-de professor-mugallymlarynyň girizilmegi bu žurnalyň işiniň has-da maksadalaýyk boljakdygyna şaýatlyk edýär.
Elektron žurnal öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Tertipnamasyna, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanýan Düzgünnama laýyklykda guraýar.
Žurnalda talyplaryň, mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ylmy işgärleriň makalalary çap edilýär, işläp taýýarlamalar baradaky habarlara, ylmy-usuly maglumatlara we ylmy-amaly barlaglaryň wajyp ugurlaryndaky innowasiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. Žurnalyň birinji sanynda dil biliminiň, edebiýaty öwreniş ylmynyň, lingwodidaktikanyň, pedagogikanyň wajyp meselelerine degişli ylmy-usuly makalalar, talyplaryň we mugallymlaryň edebi döredijiligi bilen tanyşdyrýan çeper eserler ýerleşdirildi.
Ýurdumyzyň bilim we ylym edaralarynyň işgärlerini, mugallymlaryny, ýaş alymlaryny we talyplaryny elektron žurnalyň işine gatnaşmaga çagyrýarys.
Žurnalyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň datmddi.edu.tm saýtynda ýerleşdirilmegi Informatika we kompýuter merkeziniň müdiri tarapyndan amala aşyrylýar. Žurnalyň arhiwi Informatika we kompýuter merkezinde saklanýar. Žurnalda çap edilýän makalalara awtorlyk hukuklary Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
Žurnalyň redaksiýasynyň salgysy – Türkmenistan, Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, jaý 47.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim, ylym özgertmelerini dünýä ýaýmaga, türkmen halkyna, zehinli ýaşlara okamaga, döwrebap bilim almaga, dünýäniň ösen döwletleriniň bilim-ylym ulgamynda gazananlaryny öwrenmäge, olary durmuşa geçirmäge, kämil tehnologiýalardan baş çykarmaga zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary bilimli, ylymly we gujurly edip ýetişdirmek ugrunda alyp barýan beýik işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Şeýle hem bu barada okaň: Orient