HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY – NESILLERIŇ GÜL AÇYP, GÜLLEÝÄN DÖWRI
Türkmen halkynyň taryhy geçmişini ýaş nesillerimize wagyz etmekde kitaplaryň we kitaphanalaryň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki döwürde ylym-bilim ösdürilýär, okatmagyň iň kämil döwrebap usullary işjeň durmuşa geçirilýär. Şol sanda ýurdumyzyň kitaphana ulgamy hem barha döwrebaplaşyp, kitaplary neşir etmek işi-de kämilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň başynda “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi kitaphana ulgamynyň işgärleriniň başyny Göge ýetirdi. Bu Döwlet maksatnamasynda kitaphana ulgamyna degişli ähli ýerine ýetirilmeli işler aýdyň beýan edilip, biziň işimiziň ýol gorkezijisi boldy.
Ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň kitaphanasynda hem nusga alarlyk işler alnyp barylýar. Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň kitapsöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin mekdebiň çäginde kitap sergileri, edebi-çeper çäreler, çeper okaýyşlar yzygiderli guralýar. Şeýle çäreleriň biri-de ýaňy-ýakynda şol mekdebiň 10-12-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – nesilleriň gül açyp, gülleýän döwri” atly edebi-sazly çäredir. Edebi çäräniň dowamynda okuwçy ýaşlar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” buýsançlaryny, Watanymyzyň ösüşlerini goşgy setirleriniň we aýdym-sazyň üsti bilen wasp etdiler. Şeýle-de “Watan goragçysy”, “Ýalta gyz” diýen sahnalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň bilimler dünýäsiniň şamçyragy bolan kitaplaryň ynsanyň durmuşynda uly ähmiýetiniň bardygyny, ýaş nesilleriň kitap okamaga höwesini artdyrmakda wajyp ornuň kitaphanalara degişlidigini subut edýär.
Biz ösüp gelýän ýaş nesillere bilimdir terbiýe bermekde döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Ýurt Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarys.
Maksat Ýakubow,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni