GDA-NYŇ ÝAŞ HALKARAÇYLARYNYŇ A.A.GROMYKO ADYNDAKY BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI

2024-07-16 | 198
GDA-NYŇ ÝAŞ HALKARAÇYLARYNYŇ A.A.GROMYKO ADYNDAKY BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI

2018-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän GDA-nyň ýaş halkaraçylarynyň A.A.Gromyko adyndaky bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bu bäsleşik 6 ýylyň dowamynda GDA-nyň 10 ýurdundan 1100-den gowrak ýaş alymlary bir ýere jemledi. Bäsleşik A.A.Gromyko adyndaky Daşary syýasaty öwreniş birleşigi, Belarussiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasy, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Ýewropa instituty hem-de Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan gurnalýar.

2024-nji ýylda bäsleşige gatnaşmak üçin GDA-nyň ýurtlarynyň 10-syndan 327 sany ýokary okuw mekdeplerinden 2181 sany ýaş hünärmenleriň we halkaraçy talyplaryň ylmy makalalary kabul edildi. Bäsleşige gatnaşyjylar birnäçe nominasiýalar boýunça, ýagny esasy nominasiýa, debýut nominasiýasy, şeýle-de “Esse” ýazmak boýunça nominasiýalarda “Beýik Watançylyk urşunyň taryhy meseleleri we taryhyň galplaşdyrylmagyna garşy göreş”, “BMG-niň häzirki zaman dünýäsindäki orny”, “Ýewraziýa giňişliginde integrasiýa prosesleri we diplomatiýa”, “Ýewropa Bileleşigi we GDA-nyň daşary syýasaty” ugurlar bilen baglanyşykly özboluşly ylmy işlerini taýýarlap tabşyrdylar.

Finalistleriň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň uçurymy Serdar Rahymowyň, şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewanyň hem-de Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Umyt Annagylyjowanyň hem bolmagy Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyna özboluşly goşant boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar we diplomlar ugradyldy.