Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak: PRESETT (iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň deslapky tapgyry) boýunça Milli geňeşçi toparynyň okuw maslahaty

2025-10-22 | 1136
Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak: PRESETT (iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň deslapky tapgyry) boýunça Milli geňeşçi toparynyň okuw maslahaty

2025-nji ýylyň 20–23-nji oktýabry aralygynda Beýik Britaniýanyň “Britan Geňeşi” edarasynyň guramagynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty Abdulla Awloniý adyndaky Milli pedagogik ussatlygy institutynyň binasynda guraldy. Bu okuw maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hem-de bilim edaralarynyň wekilleri, şeýle hem iňlis dilini okatmak boýunça halkara bilermenleri gatnaşdylar.

Halkara okuw maslahatynyň esasy maksady, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hersinden iňlis dilini okatmak boýunça milli geňeşçi toparyna iňlis dili dersiniň okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça işlenip taýýarlanylan teklipleri öz ýurdunyň bilim edaralarynda durmuşa geçirmäge ýardam bermekden ybarat.

Türkmenistandan bu halkara okuw maslahatyna Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň tejribeli iňlis dili mugallymlary gatnaşdylar. 

Halkara okuw maslahatyna gatnaşyjylar ýokary okuw mekdeplerinde iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak üçin häzirki zaman okuw maksatnamalaryna bildirilýän talaplar bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Şu ugurlara aýratyn üns berildi: 

  • Ýaş iňlis dili mugallymynda bolmaly zerur ukyplar we başarnyklar (dil başarnygy we okatmagyň usulyýeti);
  • Uçurymlara bildirilýän talaplary we maksatnamany öwrenmegiň netijelerini kesgitlemek; 
  • PRESETT okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak, mysaly maksatnamalary seljermek, esasy we goşmaça modullary kesgitlemek, milli aýratynlyklary we sebitdäki ýurduň ýörite talaplaryny nazara almak;
  • Netijeli PRESETT okuw maksatnamasynyň hili;
  • PRESETT okuw maksatnamasynyň mysaly modulyny derňemek.

Bu okuw maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynda başarnykly, bäsleşige ukyply iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň ulgamyny ösdürmekde ähmiýetli goşant boldy. Okuw maslahatynda alnan bilimler iňlis dilini okatmagyň usullaryny, usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini, okuw meýilnamalaryny we okuw maksatnamalyryny kämilleşdirmäge, iňlis dilini okatmagyň yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmäge hem-de bilim ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge ýardam eder.  

ORAZMUHAMMET BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri.