Umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň VIII synpy üçin «GEOMETRIÝA» okuw kitaby neşir edildi

2025-10-18 | 1378
Umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň VIII synpy üçin «GEOMETRIÝA» okuw kitaby neşir edildi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmakda zehinli ýaşlary kemala getirmek, olara döwrebap çuňňur bilim bermek babatda bilim ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Şolaryň bir bölegi umumy orta bilim berýän matematika çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen mekdeplere degişlidir.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän matematika çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen mekdepleriniň VIII synpy üçin «Geometriýa» okuw kitaby (awtorlary: G.Şadurdyýew, B.Beknazarow, A.Sapargeldiýewa, M.Bäşimow, M.Atanepesow, T.Şallyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi.

Okuw kitaby jemi 3 bölümden, ýagny «Üçburçlugyň taraplary bilen burçlarynyň arasyndaky baglanyşyklar» atly birinji bölümden, «Dörtbuçluklar» atly ikinji bölümden we «Figuralaryň meýdanlary» atly üçünji bölümden ybarat.

Okuw kitabynyň birinji bölüminde uçburçluklaryň burçlarynyň jemi hakynda teorema, üçburçlugyň daşky burçy we onuň häsiýetleri, üçburçlugyň taraplary bilen burçlarynyň arasyndaky baglanyşyklar, üçburçlugyň deňsizligi, gönüburçly üçburçluklaryň käbir häsiýetleri, gönüburçly üçburçluklaryň deňlik nyşanlary, nokatdan göni çyzyga çenli uzaklyk, parallel göni çyzyklaryň arasyndaky uzaklyk, üç elementi boýunça üçburçluk gurmak ýaly temalar boýunça maglumatlar, üçburçluklary gurmaga degişli meseleler ýerleşdirilipdir.

Okuw kitabynyň ikinji bölüminde köpburçluk, güberçek köpburçluk, dörtburçluk, parallelogram we onuň häsiýetleri, parallelogramyň nyşanlary, gönüburçluk, romb, kwadrat we olaryň häsiýetleri, trapesiýa, Falesiň teoremasy, ok we merkezi simmetriýalar, meseleleri çözmekde simmetriýalaryň ulanylyşy ýaly temalar boýunça maglumatlar beýan edilipdir.

Okuw kitabynyň üçünji bölüminde köpburçlugyň meýdany hakynda düşünje, kwadratyň we gönüburçlugyň meýdanlary, parallelogramyň, üçburçlugyň we trapesiýanyň meýdanlary, Pifagoryň teoremasy, Pifagoryň teoremasyna ters teorema, Pifagoryň teoremasynyň dürli subudy ýaly temalar boýunça maglumatlara giň orun berlipdir.

Okuw kitabynda beýan edilýän temalaryň hersine degişli gönükmeler, her bölümiň soňunda hem bölüme degişli goşmaça gönükmeler berilýär, olaryň jogaplary bolsa kitabyň ahyrynda ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi