UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ VIII SYNPY ÜÇIN «ÝAPON DILI (I DAŞARY ÝURT DILI)» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-10-18 | 1188
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ VIII SYNPY ÜÇIN  «ÝAPON DILI (I DAŞARY ÝURT DILI)» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli» Konsepsiýalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we netijelerini bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebäp usullaryny peýdalanmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň VIII synpy üçin «Ýapon dili» okuw kitaby (awtorlary: N.Katsu, G.Sähedowa, B.Hümmetgulyýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Bu okuw kitaby okuw dersiniň tassyklanylan okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär.

Okuw kitaby “Meniň we dostumyň maşgalasy”, “Meniň durmuşym”, “Meniň Watanym”, “Pasyllar we howa”, “Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň medeniýeti”, “Ýaponiýanyň medeniýeti we ýapon dili”, “Syýahat we men”, “Kynçylyk” atly sekiz sany bölümden ybarat. Okuw kitabynda her bölümiň temasyna gabat gelýän tekstler, dialoglar, gönükmeler, grammatika boýunça maglumatlar berlipdir hem-de degişli suratlar arkaly bezelipdir.

Okuw kitabynda ýerleşdirilen sözlügiň we tekstleriň audioýazgy bilen üpjün edilmegi onuň ýene bir aýratynlygydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň milli bilim pudagyny sanly tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmak arkaly täze sepgitlere ýetmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň doly ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa okuwçylaryň gepleşik, ýazuw endiklerini ösdürýär. Sözleri berkitmek üçin dürli gönükmeler ulanylypdyr. Tekstlere degişli maglumatlaryň ýapon dilindäki düşündirişleri hem berilipdir.

Kitapdaky tekstler, dialoglar, gönükmeler okuwçylaryň okaýyş endiklerini ösdürmäge güýçli itergi berer. Okuw kitabynyň soňunda iki dilde sözlük berlipdir. Okuw kitaby taýýarlananda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetiniň häzirki zaman talaplaryndan ugur alnypdyr. Okuwçylara ýapon dilini öwretmekde bu kitabyň ähmiýeti örän uludyr. 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi