“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2025-10-17 | 2296
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylar, professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň ylmy ensiklopediýasynyň nobatdaky on ýedinji jildi okyjylary Türkmenistanyň baý tebigy baýlyklary we lukmançylyk tejribesinde ulanylýan derman ösümlikleri bilen tanyşdyrmagy dowam etdirýär. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň XVII jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybarat bolup, dermanlyk aýratynlyklary bolan dürli ösümlik görnüşleri barada jikme-jik maglumatlary öz içine alýar.

Neşirde seýrek endemiki görnüşleri goşmak bilen dermanlyk ösümlikleriň we miweleriň aýratynlyklary öwrenilýär we dermanlyk garyndylary ýygnamak, saklamak we taýýarlamak usullary beýan edilýär. Mundan başga-da, ösümlik atlarynyň yzygiderli sözlügine aýratyn ýer berilip, bu eser hünärmenler we alymlar üçin hökmany bilim çeşmesine öwrüldi

Gahryman Arkadagymyzyň täze ylmy jildi gündogar lukmançylygynyň we türkmenleriň ösümlik lukmançylygynyň yzygiderliligini görkezmek bilen, bu däbiň aýaw bilen saklanyp we nesilden-nesle geçýändigini hem görkezýär.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzda lukmançylykda gazanylan üstünliklere bagyşlanan “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler “ kitabynyň hem tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu bolsa, öz gezeginde Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny we ylmy ösüşi ösdürmegiň möhümdigini görkezýän nobatdaky subutnama boldy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti