BITARAP DIÝARYM NURUŇ ASTYNDA

2025-10-17 | 1215
BITARAP DIÝARYM NURUŇ ASTYNDA

Türkmen halkynyň goşa ganatyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz gözlerimiziň guwanjy, başymyzyň täji, köňüllerimiziň daýanjydyr. Bitaraplyk sözi özünde örän çuňňur many-mazmuny saklamak bilen, Türkmenistan Watanymyzyň Älem giňişliginde alyp barýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly asylly işlerini äşgär edýän mizemez binýatdyr. 

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Zelili adyndaky 8-nji orta mekdebiniň kitaphanasynda “Bitarap Diaýarym nuruň astynda” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Geçirilen çärä bu mekdebiň zehinli okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Olara eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň bagtyýar halkymyza eçilen ajaýyp miweleri hakynda gürrüň berildi. Şeýle hem okuwçylar mekdep kitaphanasynda gurnalan bu çäräniň çäginde “Bijeli oglan aglamaz” atly sorag-jogap bäsleşigine işjeň gatnaşdylar. Olar hemişelik Bitaraplygymyz we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary esasynda taýýarlanan soraglara jogap berdiler. 

Ýaş nesil hakyndaky aladany esasy üns merkezinde saklaýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we alkyş sözlerimiz çäksizdir. 

Zülfiýa Berkeliýewa,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 

Zelili adyndaky 8-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.