HALKYŇ HALAN ŞAHYRY
Türkmen edebiýaty özüniň baýlygy we şahyranalygy bilen has-da tapawutlanýar. Keramatly söz mülküniň eýeleri bolan ýazyjydyr şahyrlarymyz özleriniň ajaýyp eserleri bilen edebiýatymyzyň has-da kämilleşmegine saldamly goşantlaryny goşupdyrlar. Şeýle ussatlary hatyralamak biziň üçin mukaddes borç bolup durýar.
Ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň D.Öwlüýägulyýew adyndaky 13-nji orta mekdebiniň kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy, şeýle-de ezber şahyr Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 96 ýyllygy mynasybetli “Halkyň halan şahyry” atly edebi-döredijilik çäresi geçirildi. Geçirilen çärede bu mekdebiň zehinli okuwçylary şahyryň birnäçe goşgularyny ýatdan labyzly aýdyp berdiler. Mugallymlar tarapyndan olara şahyryň ömür ýoly, döredijiligi we goşgularynyň many-mazmuny barada gürrüň berildi. Elbetde, okuwçylar hem öz gezeginde şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly berlen soraglara dürs jogap bermegi başardylar.
Türkmen edebiýatynyň Hak howandarlary – türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilýän bu ajaýyp şertler üçin köp-köp sagbolsun aýdýarys.
Ogulgurban Abylowa,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň
D. Öwlüýägulyýew adyndaky 13-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.