Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda 56 müňden gowrak türkmen talyby okaýar.
Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda Türkmenistandan 56 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýew türkmen-rus hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komissiýanyň mejlisinde mälim etdi.
«Türkmenistandan 56 müňden gowrak talyp Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw jaýlarynda okaýar. Şu meselede, Türkmenistandan abatyrýentler üçin berilýän kwotalar babatda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýärin» diýip, Atagulyýew aýtdy.
Wise-premýer Aşgabatda ýerleşýän Puşkiniň adyndaky türkmen-rus mekdebiniň üstünlikli işleýändigini belläp, bu ýerde 1,8 müňden gowrak okuwçynyň okaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda rus dilinde sapak berilýän onlarça orta mekdep bar, ýurduň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde rus dili öwredilýär.
Atagulyýew Astarhan oblastynda gurlan Magtymguly adyndaky orta mekdebi hem agzap, bu ýerde türkmen diliniň hem okadylýandygyny belledi. «Biz bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça ädimleri ýokary baha berýäris» diýip, ol nygtady.