BILIM ARKALY BEÝIK GELJEK GURULÝAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki taryhy çykyşynyň netijesi esasynda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fakultetlerinde ylmy gurnaklaryň işini ýokarlandyrmak maksady bilen, mugallymlaryň we talyplaryň, şeýle hem uniwersitetiň Ylmy kitaphanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan “tegelek stol” ýazgysy geçirildi. Bu teleýazgyda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkara parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet edildi.
Şanly geljek kämil bilimli ýaşlardan başlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys. Bilim ulgamynda öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýäris” diýip belleýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ylmy kitaphanasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň arasynda gatnaşyklar barha jebisleşýär. Ylym-bilime belent sarpa goýulýan ýurdumyzda ylma, bilime, kitaba bolan söýgini wagyz etmekde yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär, ýaşlar bilen duşuşyklar, edebi agşamlar gurnalýar. Bu ýerde geçirilýän dürli çärelere işjeň gatnaşylýar, özara pikir we tejribe alşylýar. Munuň özi hemişe işleriň kämilleşmegine we ilerlemegine ýakyndan ýardam edýär.
Ýaňy-ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan geçirilen başga bir ýazgyda hem uniwersitetimiziň I derejeli kitaphanaçysy Gültäç Sapardurdyýewa “Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki taryhy çykyşynyň netijesi we kitaphana işini ilerletmek maksady bilen kabul edilen “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek boýunça uniwersitiň kitaphanasynda işleriň guralyşy hakynda çykyş etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni taryhymyzyň altyn sahypalaryna şanly seneleri, möhüm syýasy wakalary bilen ýazylýar. Halkara arenasynda parahatçylygy, ynanyşmagy gazanmak, diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletini, türkmen milliligini, sungatyny, sözüni, sazyny, taryhyny dünýä tanatmak babatda giň ýol açyldy.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşynda şeýle belleýär: “Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr”.
Ýurdumyzyň halkara giňişliginde parahatçylygy, ynsanperwerligi ündeýji sebit hökmünde dünýä ýüzünde tanalmagy onuň ösüşlerinden, bilimli, ylymly ýaşlaryndan, medeniýete, sungata sarpa goýýan halky bilen belent derejelere göterilýänliginden habar berýär. Kitaphanaçymyzyň eden çykyşynda kitaphana işiniň hem badalgalary barada gürrüň berilýär. Uniwersitetimiziň ylmy kitaphanasynyň alyp barýan işleri, edebi duşuşyklary, gurnaýan ylmy-amaly maslahatlary, sergileri, ylym-bilim bäsleşikleri, kitaplar boýunça gurnalýan “Akyl giňişligi” bäsleşikleri barada belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyz: “Kitap okap hakykata göz ýetirmek, pähimli pikirlere uýmak ähli ynsanlary birleşdirýär. Çünki kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar” diýýär. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden ruhlanyp, kitaphana işgärleri hökmünde ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsiniň artmagy ugrunda birnäçe işleri alyp barýarys. Edebiýatymyzyň synmaz sütüni Gurbannazar Ezizowyň kitaphanalar barada şeýle setirleri seriňe gelýär: “Kitaphanalara gatnaň ýadaman, //Agras, kämil bory üçin pikiriň”.
Ýaşlara okamaga, öwrenmäge döredip berýän şeýle uly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bossan Geldimyradowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Ylmy kitaphanasynyň usulyýetçisi