ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «ÇAGALARDA ÝÜREK KESELLERI» ATLY OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI
Ýurdumyzda adamyň saglygy hakynda edilýän alada iň ileri tutulýan meseleleriň biri bolmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatyň saglygyny berkitmek, goramak, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde esas bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda saglyk, bilim, ylym ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler olaryň dünýä ülňülerine laýyk getirilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýürek-gan damar ulgamynyň zeperlenmesi çagalaryň umumy keselleriniň düzüminde aýratyn orny eýeleýär. Uly adamlarda anyklanýan ýürek-gan damar ulgamynyň keselleriniň köpüsi çagalyk döwründe başlanýar. Munuň şeýledigine ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin neşir edilen «Çagalarda ýürek keselleri» atly okuw gollanmasyny (awtorlary: T.Saryýewa, Ý.Ýawan, O.Annaberdiýewa – Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) okamak arkaly göz ýetirmek bolýar. Bu okuw gollanmasynda jemi 6 sany bapda rewmatik däl miokarditler, dogabitdi ýürek kemislikleri, miokardiodistrofiýalar, kardiomiopatiýalar, çagalarda ýürek ýetmezçiligi, çagalarda rewmatik ysytma keseli barada gymmatly maglumatlar getirilýär, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy beýan edilýär.
Çagalarda ýüregiň funksional mümkinçiliklerine uly adamlaryňky ýaly, auskultasiýanyň, kardio we ehografiýanyň, ultrases we beýleki kliniki-barlaghana barlaglarynyň maglumatlaryna görä baha berilýär. Ýürek-gan damar ulgamynyň keselleriniň anyklanylyşyndaky ýetilen sepgitler ultrases barlagynyň, yzygiderli gözegçilik ulgamynyň girizilmegi, elektrofiziologiýa barlag usullarynyň kämilleşdirilmegi we beýlekiler bilen baglydyr. Bular barada giňişleýin maglumatlar getirilýär.
Bu okuw gollanmasy çagalarda ýürek keselleriniň anyklanylyşynyň, bejerilişiniň, dikeldilişiniň we sagaldyş gözegçiliginiň soraglarydyr meselelerine bagyşlanandyr. Okuw gollanmasy ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen hem bolsa, ondan degişli orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem-de bu ugurda işleýän hünärmenler hem peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi