ÝÖRITELEŞDIRILEN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN «UMUMY BIOLOGIÝA» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Bilim – ähli rowaçlyklaryň gözbaşy. Bilmegiň, düşünmegiň, öwrenmegiň hem-de netijeli sagdyn pikirlenmegiň özboluşly logikasyndan başlanýan düşünjeler ýaş nesliň il-güne, Watana wepaly bolmagyny, umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen işleri ilerletmäge gatnaşmaklaryny gazanmaga ýardam edýär. Bilimli we başarnykly ýaşlary kemala getirmekde ýurdumyzda döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn tagallalar amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, sergidir ylmy maslahatlarda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän tebigy ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň XI synpy üçin «Umumy biologiýa» okuw kitaby (awtorlary: S.Durdyýew, Ş.Babanyýazowa, M.Öwlýakuliýewa, J.Welihanowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Okuw kitabynda berilýän maglumatlar janly-jandarlaryň öýjükli gurluşyny, köpelişini, ösüşini, neslegeçijilik hadysalaryny, Ýer ýüzünde organiki dünýäniň ewolýusiýasynyň kanunalaýyk ösüşini, janly bedenleriň daşky gurşaw bilen özara baglanyşygyny has içgin öwrenmekde örän gymmatlydyr.
Okuw kitaby girişden, «Janly tebigatyň düzümi we köpdürlüligi», «Öýjük – ýaşaýşyň esasy gurluş birligi», «Öýjügiň himiki düzümine girýän organiki maddalar», «Organizmleriň köpelişi we ösüşi» atly 4 sany uly bölümden, jemi 90 sany temadan, her tema degişli soraglardan we ýumuşlardan ybarat.
Türkmenistanyň BMG-niň Klimatyň üýtgemegi, Ozon gatlagynyň ýukalmagy, Çölleşmäge garşy göreş, Biodürlüligi gorap saklamak babatdaky we beýleki halkara konwensiýalaryna goşulmagy dünýä möçberindäki ekologik meseleleriň çözülmegine ýardam berýär. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürýär we tebigaty goramak ulgamynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Bu okuw kitabynda beýan edilýän giňişleýin maglumatlar biologiýa bilen baglanyşykly bu we beýleki dürli meselelere düşünmäge, öwrenmäge ýakyndan ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi