ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN  «OBA HOJALYK ÖNÜMÇILIGINI GURAMAK WE DOLANDYRMAK» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-10-15 | 988
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN  «OBA HOJALYK ÖNÜMÇILIGINI GURAMAK WE DOLANDYRMAK» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilmegi oba hojalyk senagat toplumlarynyň kärhanalaryndan ylmy-tehniki ösüşiň, hojalygy ýöretmegiň, önümçiligi guramagyň we dolandyrmagyň netijeli görnüşleriniň ornaşdyrylmagy esasynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edýär. 

Obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çärelerde önümçiligi guramak esasy orunlara eýe bolýar. Häzirki döwrüň önümçiligi pikirleriň ösüşi, önümçiligiň esasy düşünjeleriniň, düzüminiň, nazaryýetiniň täzeçe, bazar şertlerine kybapdaş ýokary hilli kabul edilýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň şeýledigine ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin neşir edilen «Oba hojalyk önümçiligini guramak we dolandyrmak» okuw kitabynyň (awtorlary: Ş.Permanowa, S.Garaýewa – Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) üsti arkaly hem göz ýetirip bilersiňiz. Okuw kitaby girişden, jemi 32 sany bapdan, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat.

Okuw kitabynda oba hojalygy guramagyň nazaryýet esaslary, önümçiligiň ýöriteleşdirilişi, meýilnamalaşdyrylyşy, içki hojalyk hasaplaşygyny guramak, önümçilikde kömekçi we hyzmat ediş hojalyklary, oba hojalyk tehnikalaryny önümçilige taýýarlamak, kärende gatnaşyklaryny guramak boýunça ýeterlik derejede maglumatlar berilýär. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde obasenagat toplumynda işleriň guralyşy, maddy-tehniki zähmet serişdeleriniň ulanylyş derejeleri, maldarçylyk we ekerançylyk pudaklary, ot-iým önümçiligi barada gymmatly düşünjeler beýan edilýär.

Oba hojalyk önümçiliginde guramagyň we dolandyrmagyň kanunalaýyklyklary hem-de islendik eýeçilikdäki hojalygy alyp barmagyň dürli ýollary we ýörelgeleri ulanylýar. Bu okuw kitabynda munuň üçin zerur bolan anyk maglumatlary almak bolýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi