Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2025) geçirildi.

2025-10-14 | 665
Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2025) geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary Işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we halkara guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2025) geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekili, Türkmenistanyň Bilim ministliginiň ýaşlar syýasaty bölüminiň müdiri Wepa Ýegenmyradowiç Gutlyýew, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyrjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Maýke Biker we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň DÖM-y boýunça ýaş ilçileriniň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma boldy.

Umumy mejlisiň çykyşlaryndan soňra Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça işleriniň gysgaça beýany, LCOY-yň geçen ýylky netijeleriniň tanyşdyrylyşy, Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça 2026-njy ýyl üçin “Ýol kartasyny” döretmek boýunça öňde goýlan maksatlar we wezipeler kesgitlenildi.

Soňra iş toparynyň iň möhüm temalar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça bölümçelerde işlerini dowam etdiler. Bölümçelerde ýurdumyzyň ýaşlary özleriniň täze tehnologiýalara esaslanýan birnäçe döredijilikli pikirleri, teklipleri boýunça çykyş etdiler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary özleriniň hünärlerine laýyklykda ýaşyl inženeriýa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, biodürlilik boýunça tekliplerini berdiler. Ýeri gelende bellesek Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary BMG-nyň DÖM-y boýunça birnäçe çärelere işjeň gatnaşyp, halkara derejede ýokary bahalara mynasyp bolýarlar.

Maslahatyň jemleýji mejlisinde bölümçeleriň ýolbaşçylary ýurdumyzyň ýaşlarynyň beýannamasyny “Ýol kartasyna” girizmek baradaky tekliplerini hödürledi. Maslahatyň ahyrynda umumadamzat ähmiýetli işlere ýaşlarymyzyň işjeň goşulmaga uly mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.