Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde italýan dili hepdeligi bellenilýär

2025-10-14 | 981
Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde italýan dili hepdeligi bellenilýär

Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersiteti, “Italofoniýa: Çäksiz dil” şygary bilen dünýäde italýan dili hepdeliginiň çäklerinde birnäçe çäräni gurnap, medeni diplomatiýanyň we akademiki alyş-çalyş merkezine öwrüldi. Italýan dilini we medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen bu başlangyç, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky barha artýan bilim çygryndaky hyzmatdaşlygy görkezýär.

Ýokary okuw mekdebinde her ýyl geçirilýän bu dabara, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde gurnalýar we diplomatlary, tanymal italýan professorlary, mugallymlary we talyplary bir ýere jemleýär.

Hepde, Italiýanyň ilçihanasynyň ýokary derejeli wekilleriniň we uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bilen başlandy. Italiýaly professorlar (Prof. Mariýa Jowanna Farçi we Prof. Françesko Giommoni) dürli temalarda gyzykly okuw sapaklaryny berdiler. Maksatnamanyň çäklerinde, italýan medeniýetini, kitaplary we talyp gurnaklary tarapyndan taýýarlanan maglumat materiallaryny görkezýän sergi geçirildi. Bu çäreler Italiýanyň taryhy mirasy we häzirki durmuşy barada baý düşünje berýär. Hepdäniň ep-esli bölegi italýan edebiýatyna bagyşlanýar.

Şeýle hem bu çäre, dürli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin başlangyç bolup hyzmat edýär. Ara alyp maslahatlaşylýan meseleleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy, akademiki alyş-çalyşy, bilermenler tarapyndan gurnalýan okuw sapaklary we talyp ýaşlara hödürlenilýän ýöriteleşdirilen italýan dili we medeniýet okuwlary görkezmek bolar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň italýan dilini öwretmek işinde ygrarlylygy iki ýurduň arasynda medeni we bilim alyş-çalşygynyň pugtalanýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde italiýan proffessory zähmet çekýär. Talyplaryň, esasanam italýan dili okuwlaryna ýazylanlaryň höwesi, interaktiw sorag-jogap sapaklarynda we dürli çärelere gatnaşmagynda aýdyň görünýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň italýan dili hepdeligi diňe bir dil amallary däl, eýsem türkmen ýaşlary üçin Italiýanyň taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, kinosyny we beýleki gymmatlyklary öwrenmäge hem-de has çuňňur düşünmäge mümkinçilik döredýär. Bu halkara çäräni geçirmek bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara dostlugyny we bilimde we medeniýetde hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm rol oýnamagyny dowam etdirýändigini görkezýär.

Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersiteti