Bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk berkeýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda — saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň nobatdaky aýdyň subutnamalarynyň biri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen giň gerimli halkara forum boldy.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport» atly halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Bu forum hyzmatdaşlygyň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de häzirki zaman usullaryny dürli ugurlarda ornaşdyrmak üçin möhüm mümkinçilikleri döredýän giň platforma öwrüldi.
Çäreleriň maksatnamasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň abraýly bilim merkezleriniň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek möhüm orun eýeledi. Dabaraly ýagdaýda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamalara we hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi.
Şeýle resminamalaryň arasynda möhüm ähmiýete eýe bolanlarynyň biri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi boldy. Bu ylalaşyk bilim, ylym, akademiki hereketlilik ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de döwrebap halkara kadalaryna laýyk gelýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Ähtnama hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýar — bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, ylmy barlaglary, maslahatlary, okuw saparlaryny guramakdan başlap, talyplaryň we mugallymlaryň özara alyşmalaryny hem göz öňünde tutýar. Hususan-da, halkara gatnaşyklary, ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar hem-de sanly tehnologiýalar babatynda hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Beýik Britaniýanyň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Westminster uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk iki tarapyň talyplary we mugallymlary üçin täze mümkinçilikleri açýar hem-de bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýär.
Aşgabadyň halkara forumynyň çäklerinde baglaşylan ylalaşyklar Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle başlangyçlar ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga hem-de döwrebap hünärli täze nesli taýýarlamak üçin ygtybarly şertleri döretmäge hyzmat edýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti