Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2025-10-08 | 425
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň oktýabr  aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mejlisler zalynda Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde eden çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň we teklipleriniň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda çykyş eden mugallymlar durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä ulgamyna goşulyşmagyndaky ähmiýeti, Türkmenistanyň açyk we ygtybarly energiýa akymlaryny emele getirmekdäki başlangyçlary dogrusynda giňişleýin gürrüňler berdiler. Bu günki maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilýän ähli mümkinçilikler üçin çäksiz alkyşlar aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty