Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýada suw hojalygy boýunça geçirilen okuwlara gatnaşdy

2025-10-07 | 790
Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýada suw hojalygy boýunça geçirilen okuwlara gatnaşdy

2025-nji ýylyň 29-njy sentýabry — 3-nji oktýabry aralygynda Italiýa Respublikasynyň Witerbo şäherinde «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli meýilnama laýyklykda Suw çeşmelerini durnukly dolandyrmak meselelerine bagyşlanan okuwlar geçirildi. Oňa ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Okuwyň maksady oba hojalygynda suw serişdelerini rejeli ulanmak, innowasion suwaryş ulgamlaryny ornaşdyrmak we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak babatda täze halkara tejribeleri öwrenmekden ybarat boldy. Onuň barşynda häzirki zaman oba hojalygynda ýüze çykýan esasy meseleler, üýtgeýän howa şertleri we ekologik ýagdaýlar boýunça ylmy-amaly çykyşlar diňlenildi. Şol çykyşlarda damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň artykmaçlyklary, suwy tygşytly ulanmak strategiýalary, ýerleriň durnuklylygyny saklamak boýunça täze çemeleşmeler giňişleýin beýan edildi.

Meýdan tejribeligi dostlukly ýurduň Witerbo şäherindäki Tuşiýa (Tuscia) uniwersitetiniň Okuw-tejribe hojalygynda ýola goýlan suwaryş ulgamlarynyň işi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle-de okuwyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar suw tygşytlaýjy enjamlary öndürýän TORO kärhanasynda suwaryş enjamlarynyň önümçiligi, täze sensor tehnologiýalary we H2OCAD atly suwaryş taslama programmasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. ARSIAL oba hojalyk barlag merkezine guralan saparda guraklyga çydamly ösümlikler, toprak, suw gözegçilik ulgamlary, IoT (Internet of Things) tehnologiýalary boýunça pikir we tejribe alyşmalar boldy. Maccarese oba hojalyk kärhanasynda bolsa sanly we takyk oba hojalygy boýunça häzirki zaman çözgütleri, ýokary hasyl berýän bag ekiş ulgamlary, zyýankeşlere garşy awtomatiki dolandyryş serişdeleri hem-de biogaz önümçiligi boýunça ylmy işler bilen tanyşmak mümkinçilikleri döredildi.

Okuwyň jemleýji gününde ösümlikleriň suwsuzlyk şertlerindäki ýagdaýyny öwrenmek boýunça tejribe synaglary, şol sanda Arcadia spin-off merkeziniň ýokary önümçilikli fenotiplendirme platformasynyň ulanylyşy görkezildi.

Türkmen wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ýokarda agzalan okuwa gatnaşmagy ýurdumyzyň oba hojalygynda suw serişdelerini dolandyrmak, ýerleriň durnuklylygyny üpjün etmek we ekerançylygyň hasyllylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň halkara tejribeler bilen utgaşdyrylmagynda ähmiýetlidir. Bu okuwlar arkaly hünärmenler suwaryş ulgamyny sanly görnüşde dolandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak hem-de ekinleriň ösüşine gözegçilik etmek boýunça täze bilimleri, tejribeleri özleşdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň döredýän mümkinçilikleri esasynda alnyp barylýan şular ýaly giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ýerli şertlerde ornaşdyrmaga, şeýle hem suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça degişli döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär.

Italiýa Respublikasynyň Tuşiýa uniwersitetinde geçirilen okuwlara Türkmenistanyň wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagy bilim ulgamynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň yzygiderli giňeldilýändiginiň we oba hojalygynyň innowasion tehnologiýalara esaslanylyp netijeli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr.