Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Ýaponiýanyň Tokio şäherinde iş saparynda
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti öňdebaryjy bilim hem-de ylmy tejribeleri özleşdirmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 2–8-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.
Saparyň çäklerinde uniwersitetiň wekilleri dünýäniň suw arassalaýjy enjamlaryny öndürmekde giňden tanalýan kompaniýalarynyň biri bolan “Tohkemy Corporation” kompaniýasynda duşuşyklary geçirdiler.
Bu iş sapary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň “Tohkemy Corporation” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esasynda guraldy.
“Tohkemy Corporation” kompaniýasy halkara derejesinde suw arassalaýyş, hapa suwy gaýtadan işlemek hem-de duzsuzlandyryş ulgamyny ösdürmek boýunça ylmy-barlag işlerini üstünlikli alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanýar. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk hereket meýilnamasyny taýýarlamak hem-de umumy maksatlara ýetmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň esasy ugurlarynyň biri ykjam duzsuzlandyryş enjamlarynyň hem-de hapa suwy gaýtadan işlemek ulgamlarynyň gurnalmagy bilen bagly hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat.
Geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekde we täze mümkinçilikleri açmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.