UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN «TÜRKMENISTANYŇ TARYHY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Türkmen halkynyň geçmişde yz galdyran baý taryhyny öwrenmek, aýratyn hem ýaş nesillerimiz üçin gyzyklydyr we örän wajypdyr. Türkmenistanyň taryhy boýunça beýan edilýän maglumatlar ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýollaryna uly buýsanç duýgularyny döredýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XI synpy üçin «Türkmenistanyň taryhy» okuw kitaby (awtorlary: A.Nuryýew, G.Nuryýewa, M.Moşew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Bu okuw kitabynda XIX asyryň ahyryndan – 1886-njy ýyldan, tä XX asyryň aýaklaryna, has takygy 1991-nji ýyla – mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolan döwrümize çenli taryhy maglumatlar beýan edilýär. Okuw kitaby iki bölümden ybarat. Birinji bölüm «Türkmenistanyň taryhynyň täze döwri (XIX asyryň ahyry –XX asyryň başlary)», ikinji bölüm «Türkmenistan sowetler döwründe (1917-1991-nji ýyllar)» diýlip atlandyrylypdyr.
Okuw kitabynyň birinji bölüminde beýan edilýän maglumatlar taryhyň bu döwründe türkmen halkynyň durmuşynda ýüze çykan dürli kynçylyklara, sezewar edilmelere döz gelip, özüniň milli aýratynlyklaryny, özboluşlylygyny, dilini, dinini, milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny saklap, indiki nesillere geçirip gelşi beýan edilýän bolsa, kitabyň ikinji bölüminde – sowetler döwründäki döwlet gurluşy, ykdysady durmuşy, halkyň umumy durmuşyndaky ýagdaýlar, özgerişlikler we ş.m. beýleki gyzykly maglumatlar beýan edilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi