Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýada iş saparynda

2025-10-02 | 1136
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýada iş saparynda

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki mugallymy öňdebaryjy bilim we ylmy tejribeleri özleşdirmek maksady bilen Ýaponiýa gitdiler. Olar 2025-nji ýylyň 1-17-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Kawasaki şäherinde ýerleşýän we dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň biri bolan ICONM – Nanomedisina Innowasiýa Merkezinde tejribe okuwlaryna gatnaşýarlar.

Iş sapary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Kawasaki Senagat Ösüş Institutynyň Nanomedisina Innowasiýa Merkeziniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda guralýar. Şol Ähtnama esasynda ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Ýaponiýa çagyrylyp, häzirki zaman ylmy-barlaglary bilen tanyşýarlar. ICONM merkezi dünýä derejesinde nanotehnologiýa, nanomedisina we nanomateriallar boýunça öňdebaryjy işleriň alnyp barylýan ylmy merkezleriň biridir.

Türkmenistanyň mugallymlarynyň bu ýerde gatnaşjak okuwlary olara döwrebap usullary özleşdirmäge, täze ylmy usullar bilen tanyşmaga hem-de ýapon hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berer. Saparyň esasy maksady mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek üçin pikir alyşmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekden ybaratdyr.

Türkmen mugallymlarynyň Ýaponiýadaky bu iş sapary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen baýlaşmagyna, şeýle-de ýaş inženerleriň taýýarlanyşynda täzeçil usullaryň ornaşmagyna möhüm goşant bolar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti