Umumybilim berýän orta mekdepleriň takyk ugurly dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän XI synpy üçin täze okuw kitaby neşir edildi

2025-10-01 | 818
Umumybilim berýän orta mekdepleriň takyk ugurly dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän XI synpy üçin täze okuw kitaby neşir edildi

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň takyk ylymlar, tebigy bilimler ugurlaryna degişli dersler okuwçylarda inžener-tehniki işlere, konstruktorçylyk pikirlenişe, oýlap tapyjylyga, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagyna höwesiň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň takyk ugurly dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän XI synpy üçin «Modelirleme we grafika» okuw kitaby (awtorlary: K.Udamuradowa, E.Amanow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Bu okuw kitaby öz öňünde okuwçylara modelirlemegiň esasy tapgyrlaryny açyp görkezmegi, olarda model pikir ýörediş ukybyny kemala getirmegi, logiki we döredijilikli pikirlenişi ösdürmegi wezipe edip goýýar.

Okuw kitabynyň «Model düşünjesi» bölümi dört bapdan ybarat. «Modelirleme» bölüminde meseläniň goýluşy, obýektleriň häsiýetnamalary, görkezijileri we olaryň arasyndaky baglanyşyklary kesgitlemek, netijeleriň degişli şerti kanagatlandyrýandygynyň barlagy boýunça tapgyrlary, «Grafiki gurşawda modelirleme», «Düzme» atly bölümlerinde grafiki gurşawda modelirleme, modelirlemede adaty geometrik serişdeleri ulanmak, düzme düşünjesi hem-de onuň obýektleri, gurluşlaryň görnüşini düzmek boýunça meseleleriň özleşdirilmegi göz öňünde tutulypdyr.

Bu beýan edilen bölümleriň mazmuny mekdep okuwçylaryna daş-töwerege aň ýetirmekde modelleriň mümkinçiliklerine göz ýetirmegi, tebigatyň we durmuşyň hadysalary bilen modeliň arasyndaky baglanyşyklara düşünmegi, belgileri peýdalanmak bilen käbir obýektleriň, prosesleriň ýönekeý modellerini gurmagy öwrenmegi, model bilen işlenende hem-de alnan netijeler teswirlenende gözleg endiklerine uýgunlaşmagy üpjün eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi