Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi we başarnyklaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy

2025-09-26 | 1255
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi we başarnyklaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet 2025-nji ýylyň 24–26-njy sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi we başarnyklaryny ösdürmek: okuwdan işe netijeli geçmek üçin hyzmatdaşlaryň gepleşigi boýunça halkara maslahata» gatnaşdy.

Maslahat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ÝewropaBileleşiginiň we Günbatar Balkan ýurtlarynyň hökümet edaralarynyň, halkara guramalaryň wekillerini, bilermenlerini hem-de tejribeli hünärmenleriniýygnady. Forumyň işi ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň, zähmet bazarynda işjeň çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň hem-de ýaş hünärmenleri goldamak boýunça innowasion çözgütleri ornaşdyrmagyň meselelerine bagyşlandy.

Çykyşlary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti hünär-tehniki bilimi ösdürmegiň, halypa-şägirtlik maksatnamalaryny giňeltmegiň, bilim meýilnamalarynyň zähmet bazarynyň hakyky islegleri bilen utgaşdyrylmagynyň, okuw bilen işiň utgaşdyrylýan (dual) ulgamynyň giňeldilmeginiň, önümçilikde geçirilýän okuw modullarynyň paýynyň artdyrylmagynyň, mugallymlaryň «ýaşyl» we sanly ugurlar boýunça taýýarlygynyň güýçlendirilmeginiň hem-de ýaşlaryň häzirki zaman zähmet bazaryna işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny tekrarlady. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiň zerurlyklaryna  laýyklykda ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem-de ýaşlaryň öz ukyplaryny açyp görkezmegi üçin şertleri döretmäge aýratyn üns berýändigi bellendi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu halkara foruma gatnaşmagy sebit hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga, adam maýasy babatda tejribe alyşmaga hem-de ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermekde alnyp barylýan tagallalara oňyn goşant boldy.