Maslahatly iş-döwletli iş

2025-09-26 | 1149
Maslahatly iş-döwletli iş

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy  Aşgabat şäher medeniýetmüdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramowadyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamaklygynda"Maslahatly iş-döwletli iş” ady bilen aýdym-sazly maslahat geçirildi. Bu çäre esasan hem talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Çärede çykyş eden kitaphana hünärmenleri ýurdumyzda halk maslahatynynyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gazanylan ösüşler, ýetilen sepgitler, üstünliklermiz baradagyzykly gürrüňler berdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde bu ählihalk forumyny hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol mejlisde “Türkmenistanyň Halk maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak bilen bagly meselelere seredilip, degişli resminamalara gol çekildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylmaly toplumlaýyn işler barada degişli tabşyryklary berdi. Halkymyz “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”,”Ýedi ölçäp bir kes”,  “Çyn dost geňeşde belli” “Arkalaşan dag aşar”, ýaly pähimler döredip ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdirler we her bir döwletli işiň başy tutulanda halk bilen maslahatlaşylýar, ýaşuly nesliň wekillerine sala salynýar şeýle hem olaryň durmuş tejribesine, ýörelgesine esaslanylýar. Mukaddes  Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyňgiňden belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutymly işe maslahatlaşyp, geňeşli başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Çäräniň dowamynda konserwatoriýanyň kitaphanasynyň gurnamaklygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan dillermiziň dessany” ady bilen baýramçylyk kitap sergisi hem gurnaldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas çeşmesi bolan kitaplaryndan talyp-ýaşlaryň arasynda sorag jogap arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphana hünärmenleri bu sergide Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziňgazanýan üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-debagtyýarlygymyz öz gözbaşyny millibuýsanjymyz bolanGaraşsyzlygymyzdan alypgaýdýar” diýen parasatly jümlelerini buýsanç bilen belläp geçdiler. Ýurdumyzda ylym-bilim, medeniýet ulgamyndagazanylan ösüşler, däp-dessurlarymyza, dilimize, dinimize çuňňur sarpa goýmak we milli gymmatlyklarymyz hökmünde dikeltmek, topragynyňbaýlyklaryny netijeli peýdalanyp, ösen durmuş ulgamyny döretmek ýakyn we uzak geljeginazarlaýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi onuň datly miweleridir. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda konserwatoriýanyň talyplarynyň ýerine ýetirmekliginde aýdym-sazly çykyşlar gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar “Watan diňe halky bilen Watandyr!” “Döwlet diňe halky bilen döwletdir! diýip türkmen halkynyň şu güni we geljegi üçin beýik işleridurmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.

Nuryýewa Maral

Maýa Kulyýewaadyndaky Türkmen Milli

konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri