GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ AK BAGTY

2025-09-25 | 1383
GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ AK BAGTY

Ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna sowgatly barmak halkymyz üçin adaty däbe öwrüldi. Türkmeniň goşa ganatyna öwrülen Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny dabaraly bellemek we mekdep kitaphanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň mekdeplerinde dürli sergiler, edebi agşamlar guraldy. Has dogrusy, etrabymyzyň 1-nji orta mekdebinde “Garaşsyz Diýarym mähriban Watan” atly çeper okaýyş, 2-nji orta mekdebinde “Altyn güýze şan getiren senäm sen, Garaşsyzlyk bir mukaddes penam sen” atly säherlik, 8-nji orta mekdebinde “Berkararlyk, agzybirlik nagmasy, Garaşsyzlyk köňülleriň şuglasy” atly sergi, 13-nji orta mekdebinde “Garaşsyzlyk – bagtym meniň” atly edebi agşam geçirildi. Gurnalan çärelerdir sergilerde ata Watanymyzyň ösüşi, özgerişi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri baradaky çykyşlar öz beýanyny tapdy.

Jandan eziz görýän halkyny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.

Bahar Ödekowa,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap bilim

 bölüminiň kitaphana işi boýunça hünärmeni