Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy

2025-09-25 | 2424
Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy

   2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 23-nji sentýabrynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyzlyk – milli buýsanjymyz” atly aýdym-sazly dabara  geçirildi. Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Türkmen halkynyň Garaşsyzlygy – bu halkymyzyň ruhy güýjüniň we ösüş ýolunyň beýik nyşanydyr. Dabaranyň dowamynda orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary tarapyndan birnäçe täsirli çykyşlar diňlenildi hem-de “Bagtyýarlyk joşguny”  aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň waspyny ýetirýän aýdymlary dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we döwlet ähmiýetli işleriň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi